Türkmenistanda ýanwar-aprelde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklandy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi.
— Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklandy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importy çalyşýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris. Sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalar hem taýýarlanýar – diýip döwlet Baştutany nygtady.