Ýakyn wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geler. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak hem-de bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek we onuň birinji mejlisini geljek ýylda geçirmek teklip edilýär.
Bu gepleşikler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda BAE amala aşyran resmi saparynyň barşynda maslahatlaşyldy, onuň netijeleri boýunça Hökümetara we pudagara derejelerde resminamalaryň 13-sine, şeýle-de telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça resminamalaryň 8-sine gol çekildi.
Gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Abu-Dabide Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmek, şeýle-de türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen “Ýol kartasyny” taýýarlamak teklip edilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklaryň dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şu hepdede Abu-Dabide ýokary derejede geçirilen gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz toplumy, ulag-logistika ýaly strategik ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.