Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Mundan başga-da ulag, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki işleri dowam etmek teklibiniň wajypdygy bellenildi.
Diplomatlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriniň üstünde durup geçdiler.