Habarlaşmak
12.07.2025
HHR-niň himikleri kömürturşy gazyndan glýukoza öndürmegi öwrendiler
07.05.2022
HHR-niň himikleri kömürturşy gazyndan glýukoza öndürmegi öwrendiler

Hytaýly alymlar kömürturşy gazyny elektroliz usulyny ulanmak bilen çylşyrymly uglerod birleşmelerine öwürýän utgaşdyrylan elektrobiologiki ulgamy işläp düzdüler. Ylmy barlagyň düşündirişi Nature Catalysis žurnalynda çap edildi.

Täze desga iki tapgyrlaýyn tehnologiýadan ybarat. Birinji tapgyrda elektroliz hadysasynyň barşynda sirke turşusynyň kömürturşy gazynyň emele eglme hadysady bolup geçýär. Soňra täsirleşmäniň kömegi bilen glýukoza we beýleki çylşyrymly organiki birleşmeler emele getirilýär.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, hytaýly alymlar ahyrky netijäni almak üçin glýukoza öndürýän genetiki taýdan özgerdilen kömelek bolan Saccharomyces cerevisiae-dan peýdalandylar.

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, olaryň hödürlän usuly ekologiýa meselelerini çözmäge we ýapyk aýlaw ykdysadyýetini döretmäge kömek eder.

Şeýle hem