Habarlaşmak
03.07.2025
Türkmen telekeçileri Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň sergisine gatnaşdylar
16.09.2023
Türkmen telekeçileri Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň sergisine gatnaşdylar

Türkmenistan Duşenbede geçýän we 16-njy sentýabra çenli dowam etjek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sergisinde önümleriniň köp görnüşini hödürledi. Bu çäre sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Konultatiw duşuşygyny we Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň Prezidentleriniň mejlisiniň çäklerinde geçirilýär. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" web sahypasy habar berýär.

Türkmen işewür toparlarynyň wekilleri nebitgaz pudagyndan, gurluşyk we elektronika pudaklaryndan, dokma we himiýa pudaklaryndan dürli önümleri hödürlediler. Bölümleriň biri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini aýdyň görkezmek bilen, ýurduň ulag we logistika potensialyna bagyşlanýar. Mundan başga-da, meşhur türkmen halylary hem sergilendi. 

Sergi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştitanlary hem tanyş boldular.

Şeýle hem