Habarlaşmak
08.09.2025
8 aýda Azerbaýjan Türkmenistandan 42 müň tonnadan gowrak benzin import etdi
25.10.2022
8 aýda Azerbaýjan Türkmenistandan 42 müň tonnadan gowrak benzin import etdi

2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan Türkmenistandan AI-92 kysymly benziniň 42 müň 831,33 tonnasyny import etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan agentligi Azerbaýjanyň Hökümetine salgylanyp habar berýär.

Nyrh aňlatmasynda AI-92 kysymly türkmen benzininiň Azerbaýjana eksporty geçen döwürde ABŞ-nyň 49 mln 597,21 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistan Russiýadan soň, goňşy ýurda bu ýangyjy iberýän ikinji iri döwlet bolup durýar. Russiýadan AI-92 awtomobil benzininiň tutuş importynyň 166 mln 605,18 müň dollarlyk 73,5%-i ýa-da 150 müň 7,94 tonnasy iberildi.

Şeýle hem Azerbaýjan 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistandan Premium Euro-95 kysymly awtomobil benzininiň ABŞ-nyň 7 mln 747,05 müň dollarlyk 8 müň 196,25 tonnasyny import etdi.

Şeýle hem