Habarlaşmak
04.07.2025
28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti geçiriler
19.11.2021
28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti geçiriler

Duşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Aşgabatda şu aýyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi.

Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti YHG-nyň gününiň bellenilýän senesinde — 28-nji noýabrda geçiriler.

Onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleriň biri bolan YHG bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Ýurdumyz bu gurama agza döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegini esasy ugur edinip, onuň dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy babatda zerur tagallalary edýär.

Döwlet Baştutany paýtagtymyzda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitiniň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen halkara çäreleriň döwletara gatnaşyklaryň hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi we wise-premýere bu halkara çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary derejedäki sammitiň öňüsyrasynda Aşgabatda 26-njy noýabrda YHG agza ýurtlaryň IV işewürler forumy geçiriler.

YHG 1985-nji ýylda döredilip, 10 döwleti — Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Türkmenistan, Türkiýe, Täjigistan we Özbegistan ýaly döwletleri birleşdirýär.
 

Şeýle hem