Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda döwletimiz tarapyndan bagtyýar halkymyza berilýän eşretleriň biri — «mawy ýangyç» bilen
Mary welaýatynyň ilatyny ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylarynyň gündelik esasy maksady bolup durýar.
Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanyndaky günlerde bolsa, welaýatyň çägindäki gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy desgalary, gaz sazlaýjy enjamlary tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan güýz-gyş möwsümine ýokary hilli taýýarlamak işlerine giň gerim berdiler.
Şu ugurda işleri ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda alyp barmakda müdirligiň «Murgapetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri hem özleriniň tejribelerini, ukyp-başarnyklaryny jemläp, tutanýerli zähmet çekýärler.
Häzir gazçylar etrabyň çägindäki umumy uzynlygy bir müň bir ýüz elli iki kilometr üç ýüz togsan bir metr bolan ýokary hem orta basyşly gaz geçirijilere hyzmat edýärler.
Etrapda gaz paýlaýjy desgalaryň togsan üçüsi, gaz sazlaýjy enjamlaryň bolsa bäş ýüz elli birisi bolup, şolaryň tehnologik talaplara laýyk, saz işlemekligi gaz geçirijiler arkaly akdyrylýan «mawy ýangyjyň» takyk paýlanylmagyna hem-de sazlanylmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki günlerde gaz geçirijileriň, gaz paýlaýjy desgalaryň, gaz sazlaýjy enjamlaryň her biriniň güýz-gyş möwsümine taýýarlygy pugta gözden geçirilýär. Gaz hojalyk edarasynyň işgärleri olary arassalamak, ýaglamak, reňklemek, sazlamak işlerini ýekän-ýekän ýerine ýetirýärler. Bir wagtyň özünde edaradaky mehanizmler hem bejerilip, möwsüme birkemsiz taýýar edilýär.
Häzirki günlerde etrabyň Gylyç Sähetmyradow geňeşliginiň obalaryna barýan ýokary basyşly gaz geçirijiniň üç müň üç ýüz metriniň göwrümini giňeltmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu iş «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gaz gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýar. Olar häzire çenli geçirijiniň bir müň dört ýüz on metrinde gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirip, ulanyşa berdiler.
Şu ülşüň gaz gurluşykçylary gaz hojalyk edarasynyň işgärleri bilen bilelikde etrabyň Sugty geňeşliginiň täze dörän ilatly ýerlerinde uzynlygy iki müň alty ýüz metr bolan orta basyşly gaz geçirijini hem-de üç sany gaz sazlaýjy enjamy gurup, ulanmaga berdiler.
Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary etrabyň Hyrslan Jumaýew geňeşliginiň täze dörän ilatly ýerlerinde bir kilometr bolan orta basyşly gaz geçirijini hem-de bir gaz sazlaýjy enjamy gurup, ulanyşa girizdiler.
— Etrabymyz boýunça hususy hojalyklaryň otuz iki müňden köprägi, edara-kärhanalaryň ýetmiş dördüsi bolup, şolar «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär. Häzir güýz-gyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirýän gaz gurluşyk işlerimiz olaryň jogapkärli möwsüm döwründäki üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna şert döreder.
Etrabymyzyň ilatynyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde edaramyzyň gazçylaryndan içeri öý gullugynyň slesarlary Muhammetkerim Akmyradow, Toýly Aşyrow, daşary gaz geçirijiler gullugynyň slesarlary Muhammet Gurbanow, Meretgeldi Daňatarow, buýurmalary kabul ediji Oguljahan Ataýewa dagynyň hyzmatyndan hemmeler hoşal bolýarlar — diýip, «Murgapetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Babajan Allanazarow gürrüň berýär.