Habarlaşmak
22.02.2025
«Körpejäniň» pälwan gadamlary
21.02.2025
koerpejaenin-paelwan-gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde geçen ýyl milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bitirilen işlere mynasyp baha bermek bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy wezipedigini aýratyn nygtady. Oňyn netijeler, ilkinji nobatda, pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmak we olary işe girizmek bilen gazanylýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginde alnyp barylýan işler döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär.

Tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda soňky ýyllarda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri we sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalardyr ymaratlary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalaryň arasynda hemişe öňe saýlanýar. Geçen ýyl kärhana boýunça 2,5 milliard kub metrden hem gowrak mawy ýangyç, 45,5 müň tonna golaý gaz kondensaty çykaryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynda müdirligiň hünärmenleri tarapyndan has ýokary sepgitlere eýe bolundy. Ýylyň ilkinji aýynda hazynaly ýataklarda hereket edýän guýulardan alnan tebigy gazyň möçberi 273 million kub metrden hem geçirilip, bu babatdaky meýilnama 220 göterime barabar amal edildi. Geçen ýylyň degişli döwründäkiden artyk çykarylan tebigy gazyň möçberiniň 50 million kub metrden hem geçýändigini bolsa aýratyn nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da, geçen aýda bu ýerden 3 müň 900 tonna derek 5 müň 115 tonna gaz kondensaty alnyp, gaýtadan işleýjilere ugradyldy.

«Körpeje», «Çekişler», «Altyguýy» ýataklarynda hereket edýän guýulardan mawy ýangyjy hem-de gaz kondensatyny çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan müdirlik «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde 1998-nji ýylda işe girizilen gününden bäri netijeli işleýän kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Demirgazykdan günorta 160 kilometre, gündogardan günbatara bolsa 30 kilometre golaý meýdany özünde jemleýän hazynaly ýataklarda iş alyp barýan müdirlikde häzirki wagtda dürli kärde öndürijilikli zähmet çekýän adamlaryň umumy sany 740-a ýetýär. Müdirligiň gaz çykaryş, gaz taýýarlaýyş we daşaýyş, gazy gysyjy we taýýarlaýyş, elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi we abatlaýyş, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş, prokat abatlaýyş, gaz ölçeýji beket, kommunal hyzmat ediş, suw saýlaýjy desga ýaly bölümlerinde we ülüşlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kämil tilsimatly desgalar, takyk kompýuter ulgamlary giňden peýdalanylýar. Hut şu ýagdaýyň özi hem müdirlige sebitleýin senagat düzümleriniň we ilatyň tebigy gaza bolan islegini ygtybarly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilik berýär. Kärhananyň özleşdirýän uglewodorod çig malyna baý ojaklarynda önümli guýulara hyzmat etmekde ýüze çykaýjak kynçylyklary aradan aýyrmak bilen bagly işler «Akpatlawuk» gazy toplumlaýyş-taýýarlaýyş desgasynda netijeli ýola goýulýar. Bu ýerde hereket edýän pes temperaturaly saýlaýjy desgada bolsa her gije-gündiziň dowamynda 2,5 million kub metre barabar gaz taýýarlanylýar. «Keýmir» gaz göteriş kompressor stansiýasynda nebitden saýlanylyp, alawda ýakylýan ugurdaş gaz ýygnalyp, her gije-gündizde ýokary basyşa çykarylýan 1,5 million kub metre barabar gaz göteriş usulynda önüm berýän nebitli guýulara gönükdirilýär.

— Kärhanamyzda döwrüň ruhuna laýyk zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Müdirligimiz boýunça «Akpatlawuk», «Keýmir» we «Çekişler» meýdançalaryndan gazy ýygnamak, taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak boýunça barlag-ölçeg abzallary, awtomatika we elektroenergetika ulgamy netijeli işledilýär. Häzirki wagtda önüm berýän guýularymyzyň 40-a barabary «Körpeje», 30-a golaýy «Çekişler» we ýene üçüsi bolsa «Altyguýy» ýataklarynda hereket edýär. Geçen ýyl guýularyň 13-sinde düýpli abatlaýyş işleri amala aşyryldy. Bu bolsa şu ýylyň başyndan bäri ýer astyndan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberini artdyrmagymyza aýgytly täsirini ýetirýär. Önümçilik bölümlerimizde we ülüşlerimizde işleriň talabalaýyk ýola goýulmagyna dürli kärde zähmet çekýän aýry-aýry hünärmenlerimiziň mynasyp goşantlary bar. Olardan müdirligimiziň baş inženeri Nurberdi Ýegenmämmedow, gaz çykaryjy operator Gapurguly Hudyýew, gaz taýýarlaýjy operatorlar Ylýas Akyýew, Isamämmet Akmämmedow, Kyýas Baýramgulyýew dagy halal we netijeli zähmet çekmekde görelde bolýarlar. Gaz taýýarlaýyş bölümimiziň ýolbaşçysy Nurgylyç Hojagylyjow, gaz çykaryjy operator Güýçmuhammet Soltanmämmedow, hasapçy Aýgül Porowa, gaz çykaryjy operator Kemalnur Allanurow dagy hem bu gün halypalyga ýetişen hünärmenler hökmünde tanalýar. Hereket edýän guýularymyzdan alynýan gaz arassalanyp, doly taýýarlanylandan soňra, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» we «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirliklerine hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» kärhanasyna akdyrylýar. Gazçylarymyza netijeli zähmet çekip, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok — diýip, müdirligiň baş geology Nyýazmyrat Nyýazmyradow gürrüň berýär.

«Körpeje» käninde gaz kondensatly guýularyň amatly iş düzgünlerinde uglewodorod gorly ýataklary ýitgisiz işläp geçmegiň geljegini üpjün etmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda geçirilmegi zerur bolan guramaçylyk-tehniki çäreleriň görnüşini we möçberini kesgitlemek maksadynda gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri bilen bilelikde konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň, «Türkmennebitgeofizika» hem-de Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirlikleriniň hünärmenler toparlarynyň gatnaşmagynda birnäçe ýyl mundan öň ulanyş gaznasynyň önümli guýularynyň dürli iş düzgünlerinde barlag-ölçeg, synag işleri amala aşyrylyp, geçirilýän degişli seljermelerde gatlak şertlerinde önümçilige täsir edýän umumy görkezijileriň hereketi içgin öwrenilipdir we toplanylan maglumatlar taýýarlanylýan netijenamalara esas bolup hyzmat edipdir. Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda «Günorta Bugdaýly» meýdançasynda gazuw işleri üstünlikli tamamlanan 135 belgili guýy häzirki wagtda her gije-gündizde 215 müň kub metr mawy ýangyç hem-de 22 tonna gaz kondensatyny berýär. Hut häzirki günlerde bolsa şu ýatakda täze 136 belgili guýynyň gazuw işlerine girişmäge ykjam taýýarlyk görülýär.

Çeşme: “Türkmenistan“ gazeti

 

Şeýle hem