Habarlaşmak
03.07.2025
Agarguýy — täze gaz käni
05.01.2022
Anewgasfield

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligine degişli känleriň sanawy ýene-de artdy. Oňa Agarguýy gaz käni goşuldy. Golaýda bu ýerde guýularyň ikisi ulanylmaga berlip, olardan önüm alnyp başlandy.

Şeýle tutumly işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäginde amala aşyryldy. Bu guwandyryjy waka hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde «Malaý» gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly geçen ýylyň başynda bolup geçen ýatdan çykmajak dabaralaryň üstüni ýetirip, köplerde ýakymly täsir galdyrdy. Onuň esasy gymmaty bolsa ýurdumyzyň ösüşlerine ýardam berýän zerur önümiň öndürilýän möçberiniň ýene-de artdyrylmagyna goşant goşmagyndadyr.

Iri «Malaý» gaz känine ýanaşyk ýerleşýän bu meýdançadaky guýulary «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň ussat burawlaýjylary burawladylar. Täze meýdançadaky guýulary senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly işleri bolsa «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň ussat gurluşykçylary ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler. Bu babatda meýdança başlygy Albert Gurbanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparyň agzalary ýokary başarnyk we tutanýerlilik görkezdiler.

— «Malaý» gaz käninde häzirki zaman gaz gysyjy desgasynyň işe girizilmegi önüm öndürilişini düýpli artdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy. «Malaýdan» we oňa ýanaşyk känlerden alynýan önümleriň köp bölegi Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine berilýär. Gaz geçiriji ulgama Agarguýy käninden her gije-gündizde tebigy gazyň 300 müň kubmetrden gowragy akdyrylýar. Biz sarp edijileriň «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gazanmak ugrunda geljekde hem tagallalarymyzy gaýgyrmarys — diýip, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýew gürrüň berýär.

Söhbetdeşimiz geljekde önüm öndürilişiniň ýene-de artdyrylmagyna pugta esasyň bardygyny aýdanlarynyň üstüne ynam bilen goşdy. Häzirki günlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň buraw ussalary Işanguly Mämmetkulyýew we Döwlet Babakulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparlarynyň başarjaň agzalary Agarguýyda taslama çuňlugy 3,3 müň metr bolan ulanyş guýusyny burawlamak işini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Baýlyk agtaryjylar işleri ýylyň aýagyna çenli tamamlamagy maksat edinýärler. Bu bolsa olaryň ýetip gelýän hünär baýramlaryna ajaýyp toý sowgady bolar.

Şeýle hem