Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we täzeçil usullary ulanmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi hem-de ýol-ulag düzümine degişli desgalary abadanlaşdyrmak boýunça maslahatlaryny berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler hem häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň çäklerinde we oňa barýan ýollaryň ugurlarynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işleriň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
Ir bilen Milli Liderimiz Arkadag şäherine tarap barýan ýoluň ugrundaky köpzolakly halkalaýyn ýoluň ýanynda saklandy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, aýratyn-da, aýlawly ýoldan Arkadag şäherine çenli uzaýan köçäniň durkuny täzelemek, ony düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar, ýoluň yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýoluň umumy görnüşi, onuň ugrunda ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň, teklip edilýän ýol belgileriniň, mahabat hem-de yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri bar. Şeýle hem ýol ýakalarynda oturdyljak heýkeller barada giňişleýin hasabat berildi.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar, ýol ýakasynda ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri we ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ýoluň hil derejesi, onuň çäklerinde oturdyljak heýkelleriň görnüşleri bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Şunda paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluň ýakalarynda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylmagynyň we olaryň binýadynda bedewleriň nesil ugruna, taryhyna we gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesillerde ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyň we söýginiň has-da artmagyny şertlendirer. Hormatly Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýoluň her tarapynda welosiped ýodalarynyň, atly gezelençler üçin çäge düşelen ýodalaryň gurulmagynyň zerurdygyny nygtady.
D.Orazow Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň we ýurdumyzyň atşynaslarynyň Milli Liderimize şu ýerden täze şähere çenli uzaýan ýoly “Ahalteke atlary” şaýoly diýip atlandyrmak baradaky haýyşlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz bu mesele boýunça Türkmenistanyň Mejlisine degişli teklibiň ugradylmalydygyny we ony Mejlisiň oňlan halatynda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli resminamanyň taýýarlanyljakdygyny aýtdy we birnäçe maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin özboluşly tebigy künjegiň bardygyny aýtdy we onuň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmegi üçin dynç almak, wagtyňy peýdaly geçirmek boýunça ähli zerur şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy hem-de Arkadag şäherine tarap ugrady.
Soňky ýyllarda dag eteklerinde giň möçberli tokaý zolaklary döredildi. Bu künjekde bag nahallary ekilende, ilkinji nobatda, toprak-howa şertlerine uly üns berilýär. Munuň özi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmagynyň esasy şerti bolup durýar. Tokaý zolaklarynyň köpçülikleýin döredilmegi amatly howa gurşawynyň emele gelmeginde, ekologik ýagdaýyň degişli derejede saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem täze şäheriň çäginde döredilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar. Bu bolsa Arkadag şäheriniň keşbiniň has-da gözelleşmegini üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde binalaryň içki we daşky bezeg aýratynlyklaryna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň, şähere barýan ýol ýakalarynyň abadanlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarowyň we bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Wise-prezidentler ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu düzümiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň, bu ugra degişli ylmy-amaly maslahatyň, guraljak serginiň, aýry-aýry ugurlar boýunça degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýörite Maksatnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we onuň tassyklanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, Milli Liderimiz olaryň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hukuklary boýunça kanunçylyk namalarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi zerurdyr. Gahryman Arkadagymyz gaznanyň Hökümet edaralary, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen maslahatlaşyp, düzümiň işini has-da kämilleşdirmäge, zerur bolsa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly täze ugurlaryň döredilmegine degişli meseleler boýunça pikir alşylmalydygyny belledi.
Umuman, türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryny, ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň talabalaýyk we häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmelidigini nygtap, hormatly Arkadagymyz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň uzak geljege gönükdirilmelidigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy öňde goýlan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Arkadag şäheriniň gurluşyk işleriniň batly depginde alnyp barylýan ýerine tarap ugrady.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa hasabat berdiler.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýaşlar üçin niýetlenen seýilgähinde goýuljak oturgyçlaryň, onuň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Seýilgähde ýokary derejeli dynç almak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, Milli Liderimiz gurluşyk, bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgelerine, serişdeleriň berkligine, oturgyçlaryň oňaýlylygyna, göze gelüwliligine zerur üns bermegi tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz önümçilik we durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlananda, ilkinji nobatda, olaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmagyna, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şäheriň ekologik derejesiniň saklanmagyna zerur üns bermegiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy. Gurulýan desgalar özboluşly binagärlik sazlaşygyny emele getirmelidir we olar täze şäheriň derejesine kybap gelmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. Şunda gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde, bellenen möhletde tamamlanmagy, gurluşyk serişdeleriniň berkligi we uzak möhletleýinligi häzirki döwrüň wajyp talaby bolup durýar.
Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek, gurluşyk işlerine guramaçylykly girişmek meselelerine zerur üns berilýär. Hasabatyň çäklerinde lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynyň ýagdaýy hakynda giňişleýin maglumatlar berildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda, binalary enjamlaşdyrmakda häzirki zamanyň täzeçil usullaryndan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk serişdeleriniň hil derejesine, berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilmelidir. Munuň özi binalaryň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Milli Liderimiz täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, baýramçylyk çärelerini ýatda galyjy pursatlara beslemek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasynyň geçiriljekdigi barada aýdyldy. Häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň gelin-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak boýunça dabaralaryň guralýandygyny aýdyp, munuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäheriň ähli gelin-gyzlarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäherde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň döwrüň ruhuna kybap derejede geçirilmelidigini, medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň daşky germewinde oturdylýan mermerleriň görnüşlerini, olaryň bezeg babatdaky aýratynlyklaryny synlady.
Milli Liderimiz toplumyň germewleriniň bezeginiň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny aýdyp, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.