«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň işgärleri şu ýylyň 11 aýynda ýokary iş netijeliligini görkezdiler. Düýpli abatlaýyş işlerinden soň, Gubadag-Daşoguz awtomobil ýolunyň gündogar böleginde ýerleşen №170 awtomobillere ýangyç guýujy beket ulanyşa girizildi.
AÝGB awtoulaglaryň gatnawly böleginde ýerleşýär, bu bolsa onuň zerurlygyny has-da artdyrýar. Düýpli abatlaýyş işleri boýunça işleri TNGIZT-niň «Türkmennebitönümleri» GM-niň Daşoguz welaýat gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Beket her günde 1500 awtomobile çenli hyzmat etmäge ukyply.
Mundan başga-da, etraby çäginde 5 sany döwrebap awtoýangyç guýyjy beketler hereket edýär. AÝGB-ler esasy awtomobil ýollarynyň ugrunda ýerleşýär. Müşderileriň oňaýlylygy üçin beketlerde tölegler nagt hem nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy beketleriň işini ýeňilleşdirmäge, hünärmenleriň işini aňsatlaşdyrmaga ýardam edýär.