Habarlaşmak
04.07.2025
Türkmen telekeçileri Türkiýede «Food Stambul Expo 2023» halkara sergisine gatnaşarlar
07.06.2023
Türkmen telekeçileri Türkiýede «Food Stambul Expo 2023» halkara sergisine gatnaşarlar

12—14-nji iýulda Türkiýede — Stambulyň «Istanbul Expo Center» meýdançasynda «Food Stambul Expo 2023» halkara sergisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gatnaşarlar. 

Her ýyl geçirilýän «Food Istanbul Expo 2023» halkara sergisi azyk pudagynda dünýäniň iň abraýly çäreleriniň biri hasaplanylýar. Bu ýylky sergide hem, däp bolşy ýaly, içgi, konditer, azyk önümleri, gaplamak, şeýle hem bölek enjamlar we dükan dizaýnynda gazanylan üstünlikler görkeziler.

«Food Stambul Expo 2023» halkara sergisinde Türkmenistana «Balşeker», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Täze Aý», «Balam», «Sada», «Tükel», «Mekan», «Misgar», »Altyn Şöhle», «Arçalyk», «Kilwan», «Altyn Ýunus», «Parasatly» ýaly kärhanalar wekilçilik eder.

Şeýle hem