Habarlaşmak
31.07.2025
TNGIZT-niň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynda öňe saýlanýar
06.04.2022
TNGIZT-niň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynda öňe saýlanýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alnyp, olaryň aglabasy ýurdumyzyň nebitgaz we nebithimiýa toplumlarynyň önümlerini satyn almak bilen baglydyr. 

Dollar serişdeleriniň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň we Gonkongyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, arassalanmadyk parafini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen piroliz benzinini we piroliz galyndysyny satyn aldylar. 

Geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 722 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplama plýonkasyny satyn aldylar.

Şeýle hem