Öňňin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda ýetip gelýän Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Badalga berlen sport ýaryşlary «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» diýen at bilen ýaýbaňlandyryldy.
Onda ýaş zenan türgenler sportuň bäş görnüşi — nusgawy we stol tennisi, woleýbol, basketbol (3x3) hem-de küşt boýunça medallar üçin bäsleşýärler. Açylyş dabarasy watançylyk aýdymlary bilen başlanyp, meşhur toparlaryň ýerine ýetiren tanslary bilen utgaşdy. Şeýle-de dabarada milli göreş, dzýudo, gimnastika, gandbol, basketbol, woleýbol, taekwondo we figuralaýyn typmak ýaly sport görnüşleri boýunça ýaş zenan türgenlerimiz görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guraýan bu sport ýaryşlary eýýämden ussatlary öňe çykarýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen sportunyň mümkinçilikleri artyp, at-abraýy, şöhrat-şany dünýä doldy. Şeýle giň mümkinçilikleriň aýdyň görnüşi bolan bu sport ýaryşlary 7-nji marta çenli dowam eder. Ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelän türgenlerimiz guramaçylar tarapyndan sylaglanylar.
Çeşme: Türkmenmetbugat