Habarlaşmak
12.03.2025
«Galkynyşnebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň işgärleri 11 aýda 49,8 müň tonnadan gowrak nebit çykardylar
06.12.2021
«Galkynyşnebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň işgärleri 11 aýda 49,8 müň tonnadan gowrak nebit çykardylar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň nebitçileri öňdebaryjy we innowasion enjamlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde Çeleken ýarymadasynyň ýataklaryny özleşdirmek işlerinde hil taýdan täze derejä çykdylar. Bu ýarymadanyň ýerastynda uglewodorod çig malynyň baý ýataklary bar.
2021-nji ýylyň 11 aýynda müdirlik boýunça hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 49 müň 883 tonna barabar boldy. Bellenilen meýilnamadan 4 müň tonna çig mal artyk çykaryldy.

Dagajyk meýdançasynda ýerleşen pes öndürijilikli guýuda burawçylaryň tagallalary bilen guýynyň öndürijiligini artdyrmak boýunça işleriň birnäçesi ýerine ýetirildi, netijede artykmaç nebit akymy alyndy. Häzirki wagtda guýynyň gündelik öndürijiligi 25 tonna barabardyr.

«Nebitdag» buraw müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan 1 müň 200 metr çuňlukda nobatdaky guýuda buraw işleri üstünlikli geçirildi we tamamlandy. Ulanyşa girizilen № 654 täze guýynyň gündelik öndürijiligi 6 müň tonna çig maldan gowrak boldy.

Şu günlerde «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri Günbatar Çeleken meýdançasynda ýerleşen № 707 guýusynda gözleg işlerine girişmäge taýýarlyk görýärler. BU ýerden hem nebitiň goşmaça akymyny almak meýilleşdirilýär. Bu hem geljekde «Galkynyşnebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň önümçilik görkezijileriniň düýpli ýokarlanmagyna getirer. Kärhanada öndürijilikli guýularyň her biriniň berk tehniki gözegçiligi amala aşyrylýar.

Geologlaryň bahalandyrmasyna görä, Çeleken ýarymadasynyň ýerastynda «gara altynyň» düýpli gorlary bar. Guýulary işläp taýýarlamak işi 1200-2750 metr taslama çuňlugynda amala aşyrylýar. Şeýle hem nebit öndürijiligi artdyrmak maksady bilen pes öndürijilikli guýularyň çäginde 50-100 kub metr göwrümli çanlar oturdyldy.

Şeýle hem